SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Bu halkara kompaniýalar toparynyň merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy nebitgaz pudagynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere ýokary baha berip, uglewodorodlaryň ägirt uly tebigy gorlaryna eýe bo...
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygy-ýygydan gelip, ynsan gylykly bedewleriň saklanyş şertleri, olary kemala getirmegiň hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyň barşy bilen gyzyklanýar. Bu gezek döwlet Baştutanymyz Ýyldyrym atly bedew bilen birsellem gezim etdi. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymma...
Магистерские курсы Академии госслужбы: международный опыт и национальные приоритеты
На расширенном заседании Кабинета Министров, посвященном итогам развития страны в 2019 году, глава государства указал на необходимость обучения молодёжи и подготовки специалистов на основе цифровых технологий. «Следует активизировать реформы, осуществляемые в сферах образования, науки и технологий. В данном аспекте нужно ускорить объединение науки и высшего образования, усовершенствовать систему подготовки кадров. …Также нужно создавать благоприятные условия для развития новых направлений нау...
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «ТRТ» teleradiokompaniýasy bilelikde Ankara şäheriniň Etnografiýa muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli widerolik hem-de TRT Awaz kanaly tarapyndan taýýarlanan “Ahalteke bedewi” atly dokumental filmi görkezildi. Bu medeni çärä Ilçihananyň wekilleri, kinofilmi taýýarlan toparyň...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň G...
Astrahanda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly tema boýunça surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwoložskiý etrabynyň Funtowo obasynda Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň 1-5-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly tema boýunça çagalaryň surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglama dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) gurnamagyndaky çärä Russi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, dostlukly we netijeli häsiýete eýe bolan hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini Rus...