RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän ta...

DOWAMY
pic
2 Sen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!  Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mähriba...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralar, şeýle hem 25-nji...

DOWAMY
pic
30 Awg

«Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylyşynyň dowamynda abraýly bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Şu ýyl Özbegistanda geçirilen medeniýet forumyna dünýä ýurtlarynyň 72-sinden sungat muşdaklarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar, onda 32 döwletden aýdymçylar, tansçylar we sazandalar gözden geçirilişiň baýraklary hem diplomlary u...

DOWAMY
pic
30 Awg

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

Giriş Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki w...

DOWAMY
pic
30 Awg

UNESCAP-YŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZI BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...

DOWAMY
pic
30 Awg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hem-de sanly...

DOWAMY