SOŇKY HABARLAR
BIŞKEKDE SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň döwlet we işewürlik toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda taraplar Toparyň üçünji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti...
Türkmenistanyň topary Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orny eýeledi
Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendir. Netijede, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji bolan tür...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halk...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Mille...
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasa...
«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Sizi ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologi...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman milli Liderimiz bilen salamlaşyp, GDA-nyň giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine işjeň goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljegini nazar...