RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Sen

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan Ko­re­ýa­nyň türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­ýän hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly-dra­ma teat­ryn­da ko­reý halk tans to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­dy.  Ko­reý me­de­ni­ýe­ti­niň tans sun­ga­ty­nyň mil­li ly­bas­la­ry, kö­pö­wüş­gin­li be­zeg se­riş­de­le­ri, däp bo­lan saz hem-de tä­sin ho­reog­ra­fi­ki kom­po­zi­si­ýa köp san­ly to­m...

DOWAMY
6 Sen

«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!  Eziz watandaşlar!  Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem zerur şertler döredildi. «T...

DOWAMY
5 Sen

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.  Milli Liderimiz mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berd...

DOWAMY
5 Sen

Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy.  66 kilograma çenli agram derejesinde Medet Hallygurbanow ikinji orny eýeledi.  Sportuň şu görnüşinde ildeşlerimiziň gazananlarynyň hasabynda bürünç medallaryň 4-si bar: olary Agajan Hallygurbanow (60 kg. çenli), Jangeldi Medow (74 kg. çenli), Arslan Hojaberdiýew (84 kg. çen...

DOWAMY
5 Sen

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Mähriban çagalar!  Eziz körpeler!  «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buý...

DOWAMY
4 Sen

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.  Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan...

DOWAMY
4 Sen

Üç günde — 17 medal

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we bir bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi.  Ýygyndymyzyň türgenleri türkmen göreşinde uly üstünlige eýe boldular. Göreşiň bu görnüşinde altyn medallaryň üçüsi gazanyldy. 60 kilograma çenli agramlyk d...

DOWAMY