RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

2018-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman öz ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň wekilçilikli synçylar toparyna iberilen çakylyk we 25-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna görlen taýýarlyk işlerine hem-de onuň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak ugrunda döredilen şertler üç...

DOWAMY
26 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 26-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda ilkinji bolup Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunç...

DOWAMY
25 Mar

Döwlet Baştutany dalaşgärlere saýlawlarda üstünlik arzuw etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutany irden Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän saýlaw uçastogyna geldi. Türkmenistanyň Prezidenti ses bermek üçin býulleten alyp, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Şu gün ýurdumyzda ähmiýetli syýasy çäräni geçirýäris. Agzybirlikde ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna...

DOWAMY
23 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy –Ýerine Ýetiriji Sekretary bilen duşuşyk boldy

2018-nji ýylyň 23-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna GDA-nyň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar barada, şeýle-hem halk...

DOWAMY
23 Mar

Press release

In recent days, distorted information about allegedly illegal activities of Turkmenistan's border services with respect to the Iranian vessel has spread in the media of Iran and other countries. The Turkmen side states that on March 21, 2018, the border services of Turkmenistan suppressed an attempt to smuggle a large consignment of narcotic drugs by a group of citizens of the Islamic Republic of Iran that violated the state border of Turkmenistan on the motorway boat in Turkmenistan's territori...

DOWAMY
21 Mar

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna ýetip gelýän bahar we täzeleniş baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Ajaýyp Nowruz müňýyllyklaryň dowamynda biziň halklarymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, baý medeni mirasyny we urp-adatlaryny sakla...

DOWAMY
21 Mar

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdylar

Paýtagtymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpçülikleýin bag ekmek çäresine utgaşdyrylyp, giňden bellenildi. Aşgabat şäher häkimligi hem-de gurluşyk we energetika toplumy tarapyndan guralan bu medeni we ekologiýa çärelerine aşgabatlylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşyna jogap edip, örän işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, Berkarar köçesinde köp sanly ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda aýdyň öwüşginli dabaralar gural...

DOWAMY