RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Mar

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdylar

Paýtagtymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpçülikleýin bag ekmek çäresine utgaşdyrylyp, giňden bellenildi. Aşgabat şäher häkimligi hem-de gurluşyk we energetika toplumy tarapyndan guralan bu medeni we ekologiýa çärelerine aşgabatlylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşyna jogap edip, örän işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, Berkarar köçesinde köp sanly ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda aýdyň öwüşginli dabaralar gural...

DOWAMY
21 Mar

Nowruzyň şanyna ählihalk dabarasy

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramyň hormatyna Nowruz ýaýlasynda ägirt uly öýüň görnüşinde gurlan “Türkmeniň ak öýünde” däp bolan toý dabaralary ýaýbaňlandy. Ýurdumyzyň bu künjegi özünde gadymy medeniýetleriň gatlaklaryny saklaýar: hut Ahalyň dag eteklerinde ilkinji ekerançylar ak bugdaýy ýetişdirip ugrapdylar, türkmeniň rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri hut şu mekandan gözbaş alýarlar. Şu gün irden bu ýere özünde abadançy...

DOWAMY
21 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu halkara bahar baýramynyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çä...

DOWAMY
20 Mar

GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekilçilikli toparynyň Aralyk hasabaty (2018-nji ýylyň 5—20-nji marty) Umumy düzgünler Türkmenistanyň çakylygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan wekilçilikli topar (mundan beýläk — wekilçilikli topar) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn edýär. Türkmenista...

DOWAMY
20 Mar

Türkmenistan — Germaniýa: lukmançylyk ulgamynda ylmy-amaly hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Uly bilermenleriň gullugynyň (SES, GFR) wekili, professor Wolfgang Kaşka bilen duşuşyk geçirildi. Germaniýaly alym maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak üçin Halkara lukmançylyk merkeziniň baş müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezine çagyryldy. Ol GFR-iň we Türkmenistanyň hünärmenleriniň özara gatnaşyklarynyň geljegine bolan garaýşyny ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary bilen paýlaşyp, ylym der...

DOWAMY
20 Mar

На юго-западе столицы будет возведён деловой и торгово-развлекательный комплекс

Комплекс зданий, в который войдут деловой, торговый и культурно-развлекательный центры, будет построен в юго-западной части столицы, где новая городская застройка гармонично сочетается с оригинальным ландшафтом холмистой местности у подножия Копетдага. Место строительства многофункционального комплекса обусловило создание замкнутой структуры. В архитектурном проекте воплощен оригинальный художественно-композиционный приём, ассоциативно стилизованный под ахалтекинского скакуна. Здание запроект...

DOWAMY
20 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...

DOWAMY