RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen bedewlerini ösdürip kemala getirmekde we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin çäksiz minnetdarlyk bildir...

DOWAMY
pic
28 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň Baştutanyna adamzat ösüşiniň altyn gaznasyna giren türkmen halkynyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şö...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy.  Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...

DOWAMY
pic
24 Apr

Daşkentde türkmen-özbek iewürler maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşkent şäheriniň “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenl...

DOWAMY
pic
23 Apr

DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.  Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...

DOWAMY
pic
19 Apr

DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MAKSATNAMANY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞÇI TOPAR DÖREDILDI

Aşgabatda Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin  maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji pudagara maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) ýardam bermeginde daşky gurşawy gorap saklamak we ýer baýlyklary boýunça Döwlet komiteti çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.   Maslahata Türkmenistandan teklipleri ber...

DOWAMY