SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan ilatyň kesellere garşy durnuklylygyny üpjün etmekde dünýäde öňde barýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda dünýäniň köp ýurtlary üçin nusga bolup durýar. Raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, amatly ýaşaýyş hem-de zähmet...
Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýygyndy toparymyz 18 medala mynasyp boldy
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Aktau (Gazagystan) şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda ýigrimä golaý medala mynasyp boldular. Ýaryşlara 20 ýurtdan dört ýüze golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine dünýä we Aziýa çempionatlarynda hem-de Aşgabat — 2017 oýunlarynda ýeňiji bolan iň gowy türgenler girýär. Biziň türgenlerimiz Aktauda jiu-jitsunyň üç ugry: kontakt, “ne-waza” we söw...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we awtobenzini satyn aldylar. Ownuk däneli hlorly kaliý we karbamid (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) Türkiýeden we Owganystandan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list a...
Lukmançylyk biliminiň derejesi halkyň saglygyna gönükdirilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan sag...
Turkmenistan – FAO: New level of cooperation
Regional project “Integrated management of natural resources in the drought and salinization of agricultural production landscapes of Central Asia and Turkey” until 2021 is starting. It will be carried out by the State Committee for Natural Protection and Land Resources under support of the UN Food and Agricultural Organization and the Global Environmental Facility. Cooperation of the state under this project will be built on integrated approach to the management of water and land resources...
Haryt bolçulygy Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş syýasatynyň oňyn netijesidir
Haryt dolanyşygynyň möçberi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň öndürilişiniň artdyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýleki toplumlaýyn çäreleriň netijesinde söwda ulgamynyň Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşýan goşandy artýar. Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýul...
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-11-nji iýuly aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy. ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy GFR-nyň Bundestagynda “ÝHHG-nyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde parlamentleriň ähmiýeti” diýen mowzuk boýunça geçirildi. Onuň işine ÝHHG-nyň 53 agza ýurdyndan 300-e golaý parlamentleriň agzalary, onlarça halkara guramalaryň wekilleri we Germaniýada işle...