img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýun

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

Ýurdumyzyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary hem-de içeri syýasatynyň halkara ykrarnamasyna we belent baha mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu waka 13-nji iýunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde bolup geçdi. Milli Liderimiz ildeşlerimizi bu şanly waka bilen gutlap, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiz...

DOWAMY
pic
14 Iýun

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ertir — 15-nji iýunda ýurdumyzda mukaddes Oraza baýramy...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler

Türkmenistanda galla oragynyň depginleri barha ýokarlanýar. 13-nji iýunda güýzlük däne oragyna Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler. Şu ýyl demirgazyk welaýatda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Bu ýerde bereketli bugdaý hasyly kemala geldi. Bu ýerde altyn sünbüller gözüňi dokundyrýar. Hormatly ýaşulular emele gelen asylly däbe görä, Beýik Biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegin...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ilkinji nobatdaky wezipeleri anyklaşdyryldy. Gün tertibine guramaçylyk meseleleri hem girizildi. Mejlise gatnaşmaga ha...

DOWAMY
pic
12 Iýun

Ylymlar güni mynasybetli halkara forum

Türkmen paýtagtynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahata ýaş türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan başga-da, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Ba...

DOWAMY
pic
12 Iýun

Galla oragynyň depgini: Lebap welaýaty

Lebap welaýatynyň kombaýnçylary 6-njy iýunda badalga alan galla oragynyň başyndan bäri ilkinji 100 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar. Galla oragy, bugdaýy elewatorlara hem-de galla kabul ediş bölümlerine ýetirmek işi gije-gündiziň dowamynda amala aşyrylýar we onuň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Häzirki wagtda welaýatda galla kabul edýän bölümleriň 35-si hereket edýär. Amyderýa jülgesiniň orak möwsüminde ýokary öndürijilikli galla hasylyny ýygnaýan kombaýnlaryň 400-den gowragy, awt...

DOWAMY
pic
12 Iýun

Türkmen ylmynyň ýaş nesli — bäsleşigiň ýeňijileri

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy...

DOWAMY