img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Mar

Ploýeştide ulag we energetika ulgamlarynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Rumyniýanyň Prahowa welaýatynyň administratiw merkezi bolan Ploýeşti şäherinde Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň wajyp wezipelerine bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi. Çäre ýurdumyzyň Ilçihanasynyň we Rumyniýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Nebit we gaz uniwesitetiniň bilelikdäki başlangyjy bilen gurnaldy. Mejlise Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Rumyniýanyň energetika we daşary işler ministrlikleriniň, şäher häkimliginiň, dip...

DOWAMY
pic
30 Mar

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2018-nji ýylyň 30-njy martynda bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça: Gülşat Sahyýewna Mämmedowany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklygyna saýlamaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 30-njy marty.

DOWAMY
pic
30 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly deputatlar! Men, ilki bilen, saýlawçylaryň ýokary ynamyny gazanyp, Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlary tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halk wekilleri bolan siziň ýakyn bäş ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmäge hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Hormatly deputatlar! «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, biz b...

DOWAMY
pic
30 Mar

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy hem-de deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, pyýadalap Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasyna tarap ugrady. Milli Liderimiz ýolugra egindeşlerine paýtagty...

DOWAMY
pic
30 Mar

Türkmenistan — BMG: durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleler...

DOWAMY
pic
29 Mar

The modern residential complex arise in Buzmein etrap of the capital

The twenty four-store residential buildings with spacious 2- and 3-room apartments of improved planning build up the first stage of the new residential area. The shopping center and a comprehensive school will be built nearby. The playground for various sports activities, children's play areas, a place for family events and sadaka, parking places will be on the building surrounding grounds. The construction of the first stage of the residential area is scheduled to be completed in 2021. The s...

DOWAMY
pic
29 Mar

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen guralýan bu ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş türkmen paýtagtynda ilkinji gezek geçirilýär hem-de iki dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we...

DOWAMY