SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy. Milli Liderimiz göni araga...
Türkmenistanly we italiýaly aýdymçy-sazandalar Rossininiň eserlerini ýerine ýetirdiler
Şu ýyl opera sungatynyň ussatlarynyň biri, 19 asyr ýewropa saz medeniýetiniň ösüşine güýçli täsir eden italian kompozitory Joakkino Rossininiň aradan çykanyna 150 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň guran bilelikdäki konserti kompozitoryň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda bolan döredijilik agşamynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlygynda milli wokal mekdeb...
Sagdynlyk - ruhubelentlik
Şu gün paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgelerini we başlangyçlaryny goldaýarlar. Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, ýaşuly nesliň arasy...
Döwlet baştutany 30 kilometr aralyk boýunça welosipedli ýörüşi amala aşyrdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýy...
Döwletliler köşgündäki baýramçylyk dabarasy
Şu gün Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar. Türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli barada hemmetaraplaýyn alada etmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Şu günki dabara hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu dabara Milli parlamentiň...
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Çärä Astrahan oblas...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär. Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşm...