img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, “Uzbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alişer Sultanowy kabul etdi. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Serhetabat — Turgu...

DOWAMY
pic
21 Few

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda daşary syýasy işleriniň jemleri hem-de ýurtda 2018-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýsy çärelere bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň döwlet habarlar g...

DOWAMY
pic
19 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
pic
15 Few

Ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar Aşgabadyň binagärlik keşbini bezär

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär. Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary bezedi. Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi...

DOWAMY
pic
15 Few

“Rohde & Schwarz” kompaniýasy türkmen bazarynda tutýan ornuny berkitmäge ymtylýar

2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentiniň uly wise-prezidenti Hartmut Ýeşkeni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýewropanyň hem-de tutuş halkara işewürler toparlarynyň oňyn özgertmel...

DOWAMY
pic
14 Few

Сейдинский НПЗ успешно реализует программу по выпуску экспортоориентированной продукции

В начале марта исполнится год, как на Сейдинском нефтеперерабатывающем заводе была введена в эксплуатацию установка по производству высокооктанового бензина А-98 (стандарта Евро-5). Как известно, топливо этой марки отличается пониженным содержанием серы и полициклических ароматических углеводов, благодаря чему повышаются срок и качество работы автомобильных двигателей и значительно уменьшаются вредные выбросы в атмосферу. Современное производство ввела в строй американская компания «Westport...

DOWAMY
pic
14 Few

Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, DIAHBE, ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary getirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de ý...

DOWAMY