img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Few

Türkmenistan işewürlik we senagat mümkinçiliklerini giňeldýär

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda desgalaryň iri toplumynyň – edara binalaryny we söwda merkezlerini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi, Ahal welaýatynda bolsa aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň açylyşy boldy. Täze işewürlik toplumy Aşgabat şäheriniň demirgazygynda, abadanlaşdyrylan G.Kulyýew köçesiniň ugrunda guruldy, bu köçäniň iki tarapynda hem kaşaň, häzirkizaman düzümleri bolan işewürlik merkezleri peýda boldy. Olaryň gurulmagy üçin umumy meýdany 69 gekt...

DOWAMY
pic
13 Few

AFK-2018 Kubogy ugrundaky 2-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» Täjigistanyň «Hujand» toparyny ýeňdi

2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda, 1-0 hasaby bilen tamamlanan duşuşyk Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köpugurly sport toplumynda geçirildi. Duşuşygyň başyndan biziň futbolçylarymyz artykmaçlygy öz eline alyp, garşydaşyň derwezesiniň alkymynda yzygiderli hüjümleri alyp bardylar. Ahallylaryň ýiti hüjümleri täjigistanly futbolçylaryň howply pursatlary sowmaga synanyşmaklary bilen, yzygiderli ýalňyşmagyna alyp bardy. Oýnuň 17-nji minutynda myhmanlaryň goragçysynyň ýalňyşlygy netijesinde...

DOWAMY
pic
13 Few

Türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan beýik ynamy ýurdumyzyň üstünliklerini kesgitledi

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 11 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza baştutanlyk edip gelýän ýyllary Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän syýasatynyň – parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş syýasatynyň esasy ugurlaryny aýdyň şöhlelendirdi. Onuň esasy ýörelgeleri ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ruhubelentlik, anyk maksady ugur edinmek bolup durýar. Bu şanly sene resmi taýdan bellenilýä...

DOWAMY
pic
13 Few

Türk kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýar

2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkiýeli işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge buýsanýandygyny belledi. Dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine...

DOWAMY
pic
12 Few

Boks boýunça milli çempionatymyza Serik Konakbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar

2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga alýar. Türkmenstanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Tomaşaly we özüne çekiji pursatlaryň baý bolmagyna garaşylýan ýaryş paýtagtymyzdaky iň bir döwrebap Olimpiýa şäherjiginde dört günläp dowam eder. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda boljak bäsleşikde paýtagtymyza hem-de ýur...

DOWAMY
pic
12 Few

2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnama işläp taýýarlanylar

2018-nji ýylyň 12-nji fewralynda Aşgabatda Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata welaýatlaryň häkimleri, Mejlisiň deputatlary, oba hojalyk toplumynyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ylymlar...

DOWAMY
pic
11 Few

Balkan welaýatynda eksporta ugrukdyrylan ýod-brom önümçiligi ýokarlanýar

Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda eksporta ugrukdyrylan we ýerli tebigy çig maldan, şol sanda himiýa serişdelerinden daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça täze kuwwatlykary döretmeklige aýratyn üns berilýär. Şunda Balkan welaýatyndaky “Guýular” we “Boýadag” ýataklarynda baý känleri bolan ýoda we broma uly ähmiýet berilýär. Şol çig mal serişdelerini senagat taýdan peýdalanmak dünýä bazarlarynda islegli önümleriň d...

DOWAMY