SOŇKY HABARLAR
“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar. Biraýlygyň çäklerinde zähmet toparlarynyň, okuw mekdepleriniň işgärleri, sportuň toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryşlara gatn...
Weteranlaryň edermenligi – watansöýüjiligiň beýik mekdebi
Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasy boldy hem-de olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy. Köşgüň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda söweş meýdanlarynda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen, tylda zähmetini gaýgyrman faşizmden gazanylan ýeňşe mynasyp...
Türkmenistan — Özbegistan Respublikasy: medeni miras ulgamynda hyzmatdaşlyk
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen ýurdumyzyň Ilçihanasy bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli täsin galdyrýan önümleri özünde jem...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabine...
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrlerniň duşuşygy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. Onuň gün tertibine sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, bu möhüm ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Owganystany...
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň tälimini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe bellenen tertipd...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärelere gatnaşdy. Myhman döwlet Baştutanymyza Hazar deňzinde deňiz ulag geçelgeleriniň esasy merkezleriniň biri bolup hyzmat etjek ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Öz...