SOŇKY HABARLAR
“Çalyk Holding A.Ş.” Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gatnaşar
Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýje...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar
2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurnanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Hazaryň kenaryndaky şähere gelen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi. Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edenli...
Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwri üçin Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işiniň Meýilnamasy tassyklanyldy
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Ony AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “Suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly GIZ Sebit Maksatnamasy hem-de Merkezi Aziýadaky Sebit ekologiýa merkezi bilen bilelikde guradylar. Foruma AHHG-nyň Müdiriýetiniň hem-de Ýerine Ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle hem daşary ýurtlaryň wekili...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Döwlet how...
Birža söwdalarynda nebit we dokma önümleri öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli dokma önümleri, nah ýüplük, hojalyk pamygy we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtl...
Milli we halkara bilermenleri sebitde senagat howpsuzlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda BMG-nyň ÝeYT-nyň “Senagat heläkçiliginiň serhetüsti täsiri hakyndaky” konwensiýasynyň jähtinden Merkezi Aziýada senagat howpsuzlygyny berkitmek boýunça bilermenler toparynyň maslahaty geçirildi. Taslama serhetüsti senagat heläkçilikleri ýüze çykanda sebitiň mümkinçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir, ol, degişli kanunçylygy, şeýle hem institusial hyzmatdaşlygy işläp taýýarlamakda we kämilleşdurmekde tejribesini teklip edýän Russiýa Federasiýasynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde dur...
Türkmenistan adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlsiniň we birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda toparyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi...