SOŇKY HABARLAR
Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Global Kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrlyşy bilen tanyşdyrylyşyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ismatulla Nasredin bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp taraplar ikitarapl...
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biz sizi myhmansöýer Türkmenistanda görmäge hemişe şatdyrys
Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän dabaralara daşary ýurtly žurnalistler hem gatnaşýarlar, olar Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary beýan etmek üçin geldiler. Dabaralaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew bilen gürrüňdeş boldy. Russiýanyň teležurnalisti Türkmenistana ýygy-ýygydan gelýär, dürli wakalar my...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy wakalar ýaýbaňlandy. Şu günler paýtagtymyza dünýäniň köp ýurtlaryndan myhmanlar geldiler, olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar, şeýle hem b...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen bedewlerini ösdürip kemala getirmekde we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin çäksiz minnetdarlyk bildir...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň Baştutanyna adamzat ösüşiniň altyn gaznasyna giren türkmen halkynyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şö...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...