SOŇKY HABARLAR
Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 31 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna jinsi önümleri, nah ýüplük, pagta-süýümi, şeýle hem armatur ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Owganystan, Ermenistan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 136 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million 930 müň manatlykdan gowrak na...
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
2018-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jin Ki Hun bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwasy...
Türkmenistan «EKSPO-2020» sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlanýar
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer O.Gurbannazarowyň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen ga...
15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti Yslamabatda bolar
15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Yslamabatda bolar. Şol ýerde türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleri geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri we ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi giriziler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçir...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myrad...
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleri geljekde gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...
Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy
Aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köp şahaly ulgamy hereket edýär. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurudumyzda bütin dünýä ulgamdan peýdalanyjylaryň sany yzygiderli artýar. 201...