SOŇKY HABARLAR
Merkezi saýlaw toparynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen bolan duşuşygyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy...
Türkmenistan we Russiýa işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär
2018-nji ýylyň 5-nji martynda Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady. Hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralan iki günlük duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli özara hereket etmegiň täze ugurlaryny kesgitlemekden, işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňel...
Wideoşekilli iş maslahatynda döwleti ösdürmegiň esasy meselelerine garaldy
2018-nji ýylyň 5-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň, sebitleri ösdürmegiň dürli meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy barada Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berip, gurluşyk t...
Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi
2018-nji ýylyň 4-nji martynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak...
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2018-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda bi...
TNGIZT-niň önümleri, nah ýüplügi, pagta süýümleri, aýna önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy
Geçen hepde-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere aýna, nah ýüplük, egirme...
Показатели января-февраля свидетельствуют об устойчивом росте национальной экономики
Как было сообщено на заседании туркменского правительства, посвящённого итогам двух месяце 2018 года, рост ВВП составил 6,2 процента, в том числе этот индикатор в промышленном комплексе ¬увеличился на 4,8 процента, транспортно-коммуникационном секторе – на 10,4 процента, торговле – на 8,4 процента, сельском хозяйстве – на 3,4 процента, в сфере услуг – на 10,1 процента. По сравнению с аналогичным периодом прошлого года производство продукции выросло на 4 процента. Объём розничного товарооборот...