Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Ermenistanyň küşt birleşmeleriniň arasynda widekonferensiýa

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Ermenistanyň küşt birleşmeleriniň arasynda widekonferensiýa geçirildi.

Onlaýn-duşuşyga iki ýurduň küşt federasiýalarynyň we akademiýalarynyň wekilleri, küşt boýunça sport ussatlary, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) halkara eminleri we tälimçileri, grossmeýsterler gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Milli Küşt Federasiýasynyň başlygy Myratdurdy Haşaýew, ermeni tarapyna – Ermenistanyň Küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Ermenistanyň Küşt akademiýasynyň direktory Smbat Lputýan dagylar ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygynda ýurtlaryň ikisinde hem sportuň küşt görnüşiniň ösdürilmegine berilýän aýratyn ünsi belläp geçdiler. Şeýle-de sportuň bu görnüşiniň dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmegine goşýan goşandy nygtaldy we munuň öz nobatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar küşti okatmagyň usulyýetleriniň meseleleri, şol sanda onlaýn sessiýalar boýunça tejribeleri alyşmak babatynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň başynyň başlanmagy barada ylalaşdylar. Mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda mugallymlary we türgenleri taýýarlamagyň hem-de iki dostlukly ýurtlaryň açyk ýaryşlaryna gatnaşylmagynyň meselelerine seredilip geçildi.