Fransiýanyň itşynaslyk jemgyýeti «Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Pariždäki içisi Şöhrat Jumaýew diplomatik wekilhananyň jaýynda Fransiýanyň Itşynaslyk merkezi jemgyýetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory Andre Warlet we bölümiň işgäri Mari Şimýon bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar «Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýasy bilen Fransiýanyň Itşynaslyk merkezi jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy jenap Warlete Assosiasiýanyň işi, şeýle hem alabaý tohum itlerini saklap galmak we köpeltmek boýunça ýurdumyzda döredilýän döwrebap düzümler barada habar berdi.
Duşuşykda itşynaslyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça ädimler kesgitlenildi. Hususan-da, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş hünärmenleriniň arasynda onlaýn-duşuşyklary we özara saparlary guramak barada ylalaşyk gazanyldy, şeýle hem geljekde Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekmek mümkinçiligine garaldy.
Fransiýaly itşynaslar «Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryna hem-de meşhur we iň gadymy tohum itleriniň biri bolan alabaýlary dünýäde wagyz etmäge ýardam etmegi göz öňünde tutýandyklaryna ynandyrdylar.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Ş. Jumaýew jenap Andre Warlete Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alabaý itleri we ahal-teke bedewleri barada kitaplaryny ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.