DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY TÜRKMEN-SAUD GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler.

Söhbetdeşligiň başynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşuklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar. Bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de dünýä çygryndaky häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň kadalaşmagy boýunça iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň özara taýýarlyklary aýan edildi.

Gepleşikleriň çäklerinde diplomatlar söwda-ykdysady ulgamyndaky özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy, nebitgaz, gazhimiýa pudaklaryndaky, şonuň ýaly-da oba hojalygy, dokma we gurluşyk önümçiligi senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň çäginde dürli senagat ähmiýetli desgalaryň gurluşygy ulgamynda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi we giňeldilmegi hem söhbetdeşleriň ünsüni çeken aýratyyn mowzuk boldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň pudagara duşuşyklarynyň gaýtadan dikeldilmeginiň zerurlygy aýratyn nygtaldy.