Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.
Diplomat milli Liderimize ynanç hatyny gowşuryp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk ýörelgelerini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge berilýän uly ähmiýetini nygtaýan mähirli sözlerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistanyň deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitli esasda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi nygtaldy.
Biziň ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Fransiýa bilen ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köpugurly görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygy bellenildi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyz we Fransiýanyň doly ygtyýarly wekili döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň gyzyklanma bildirýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini hem-de ony ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly kuwwaty belläp, munuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän netijeli syýasaty esasynda mümkin bolandygyny nygtady.
Şeýle hem ol türkmen Lideriniň syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň soňky ýyllarda örän köp ulgamlarda durmuşa geçirilýän köpsanly möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli bolmagyny kesgitländigini belledi.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan iri fransuz kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary aýdyň mysal hökmünde getirildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy.
Ylymda, medeniýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň islendik ýurdunyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Fransuz tarapy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen ady rowaýata öwrülen türkmen bedewlerini hem-de alabaýlaryny köpeltmekde we wagyz etmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär.
Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň arheologiýa we älem giňişligi ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy bilen alamatlandyryljakdygyna ynam bildirildi. Fransiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu barada Kararnamanyň kabul edilen pursadyndan başlap, yzygiderli goldaýar.
2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilimegi bilen baglylykda geçiriljek çäreler we bilelikdäki işler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi şu ýylyň iýun aýynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň netijeli häsiýetini belläp, has uly isleg hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän şeýle ikitaraplaýyn gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ynam bildirdiler.
Hanym Izabel Ginel duşuşmaga wagt tapandygy hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işlerinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap alnan ugry dowam etmek bilen, hoşniýetli gatnaşyklary depginli ösdürmäge ýardam bermek üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.