Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili АSPАК sebit toparynyň mejlisinde çykyş etdi

Şu gün ÝuNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş ummany toparynyň (АSPАК) onlaýn görnüşde geçirilen umumy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Şöhrat Jumaýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmek temasyndan çykyş etdi.

Mejlise ÝuNESKO-nyň Baş direktorynyň ylym boýunça orunbasary hanym Şamila Nair-Bedual we АSPАК toparyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylary hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk taryhynyň esasy tapgyrlary, onuň esasy aýratynlyklary we ýörelgeleri, şeýle hem ýurdumyzyň içerki hem-de daşary syýasaty bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ösüşiniň wajyp meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi.

Ýurduň Bitaraplyk derejesini alan döwründen bäri toplan oňyn tejribesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şöhrat Jumaýewiň çykyşyndan soň mejlise gatnaşanlara tematiki wideoşekiller görkezildi.

ÝuNESKO-da ýurtlar sebit degişliligine görä alty topara bölünýär. АSPАК toparyna 44 döwlet girýär. Onuň umumy mejlisi aýda bir gezek geçirilýär.

Toparyň mejlisiniň çäklerinde oňa agza ýurtlar şol sebit babatda ÝuNESKO-nyň syýasatynyň ugurlary barada pikir alyşýarlar we olary ara alyp maslahatlaşýarlar, şeýle hem ol ýa-da beýleki meseleler boýunça çemeleşmeleri sazlaşdyrýarlar we Guramanyň düzümlerine saýlawlary ara alyp maslahatlaşýarlar.