Minsk şäherinde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, bu çäräni giňden ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan brifing geçirildi.
Ilçihananyň binasynda geçirilen brifinge, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Belarus Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de habar beriş serişdeleriniňn wekilleri, Minsk şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen talyplary gatnaşdylar.
Brifingi Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi açyp, ol çäräniň başynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda uludan tutuljak baýramçylyga deslapdan görülýän taýýarlyklar, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilen gününden häzirki günlere çenli ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada çärä gatnaşyjylaryň öňünde ginişleýin öz çykyşy bilen beýan etdi.
Şeýle hem bu çärä gatnaşyjy myhmanlar, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary hem-de türkmeniň medeni we taryhy mirasy, amaly-haşam sungaty, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlar sergisi, şeýle-de Ilçihanada döredilen Medeni merkeziň gadymy eksponatlary bilen hem tanyşdyryldy.