Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we olarda bilim alýan türkmen talyplary we Özbegistandaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýa.Mämmedow çykyş edip, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybteli ýurdymyzda we daşary ýurtlarda köpsanly maslahatlaryň, tegelek stollaryň, sergileriň we sport çäreleriň geçirilýändigini we şol sanda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň Ruhy aň-bilim ýaýradyş bölüminiň müdiri A.Nurmyradow çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti, dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, sergä gatnaşyjylara Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary döwründe ýeten belent sepgitlerini we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän wideolar görkezildi.