TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE ÝAKYN HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGI UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

Göni aragatnaşyk ulgamy arkaly 10-njy dekabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alşyldy.

Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri "GDA-nyň çäklerinde takyk kesgitlenen ýygylyk we gün tertibi bilen özara gatnaşyklary has hem jebisleşdirmegiň zerurdygyny" belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu guramanyň ýurtlarynyň daşary syýasat edralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky teklibi aýratyn nygtaldy. Bu mejlisiň netijeleri boýunça 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäglerinde köpderejeli DIM-ara geňeşmeleriň Meýilnamasynyň kabul edilendigi bellärliklidir.

Türkmenistanyň sebitde we onuň daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we durmuş-ykdysady ösüşi saklamaga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem görkezildi. R.Meredow, Türkmenistanyň BMG bilen ähli esasy ugurlarda - "howpsuzlygy üpjün etmekden jyns deňligi meselelerine, daşky gurşaw meselelerinden bosgunlaryň hukuklaryny goramaklyga çenli" ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselesinde dünýä derejesindäki özboluşly kanuny platforma bolup hyzmat edýän, BMG-nyň esasy orny babatynda ähli GDA ýurtlarynyň garaýyşlarynyň meňzeşligini bellemek möhümdir.

Duşuşygyň barşynda howpsuzlyk meseleleri, hususan-da maglumat howpsuzlygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydygy barada bellenildi.