Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy konsert bilen garşylanýar
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň mejlisler zalynda türkmen talyplary, dürli ýurtlaryň talyplary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan "Kalbyň sazy" atly onlaýn konsert geçirdiler. Onlaýn tomaşaçylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, türkmen we daşary ýurt dillerindäki estrada we milli aýdymlary diňlediler. Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada wideorolik, şeýle hem ADTU-nyň rektory A.N.Newalenniniň wideogutlagy görkezildi. Baýramçylyk konserti türkmenleriň “Kuştdepdi” milli tansynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.
2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Astrahan döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we medeniýet merkezi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýene-de bir onlaýn konserti geçirmegi meýilleşdirýär.
Düýn Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan) Türkmenistanyň konsullygynyň we Astrahan oblastynyň halkara gatnaşyklary agentliginiň goldaw bermeginde "Moskowskiý Komsomoles" internet gazetinde "Türkmenistan Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýär" atly makala çap edildi.
Makala baglanyşyk ast.mk.ru .
Bu wakalar Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylym, bilim we medeniýet babatynda halklarymyzyň bähbidi üçin dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge umumy islegiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.)