RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Maý

ÝOKARY DEREJELI ÇÄREDE COVID-19 ÝOKANÇ KESELINIŇ ÝAÝRAÝAN DÖWRÜNDÄKI ÄHLUMUMY ÖSÜŞI MALIÝELEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýraýan döwründäki we ondan soňky ählumumy ösüşi  maliýeleşdirmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endrýu Holness tarapyndan guraldy. Çärä BMG agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri...

DOWAMY
pic
28 Maý

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER GULLUGY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bileli...

DOWAMY
pic
28 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DÖM-NYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA SEMINAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi.          Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derej...

DOWAMY
pic
28 Maý

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlis geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen duşuşygyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy, Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň direktory hem-de Halkara söwdanyň Koreý assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar (KITA). Gepleşikleri geçirmegiň maksady “Merkezi Aziýa - Koreýa Işewürler Geňeş...

DOWAMY
pic
28 Maý

ÝHHG TÜRKMENISTANYŇ SERHETÜSTI SÖWDA WE ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÖSDÜRILMEGINE ÝARDAM EDÝÄR

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda demirýol we gara ýol ulaglarynyň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýüklere serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek boýunça onlaýn okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahaty Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýän, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň "Türkmenistanda Döwlet serhet gullugynyň kuwwatyny güýçlendirmek" atly taslamasynyň çäklerinde bu Merkez tarapyndan gurnaldy. Onlaýn okuw maslahatynyň maksady, gatnaşyj...

DOWAMY
pic
27 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuş...

DOWAMY
pic
27 Maý

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Hormatly P...

DOWAMY