SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly wezipeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly wakalara g...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAK BOÝUNÇA KARARLARY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 13-nji martynda we 29-njy maýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly...
Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu wezipeleriň oňyn çözülmegi, şeýle hem BMG-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda biziň döwletimiziň hem kabul eden 2030-njy ýy...
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary parlamentleriň ýolbaşçylarynyň iki günlük Bütindünýä bäşinji maslahatyna gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen bu maslahat Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara parlament hyzmatdaşlygyny berkitmek Türkmenistanyň dünýädäki syýasy-diplomatik işiniň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuh...
Kazanda sanly diplomatiýany ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow «100% Tatarstan» atly Tatarstan Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem Yslam hyzmatdaşlygy guramasy ýurtlarynyň Ýaş diplomatlarynyň forumynyň çäklerinde «Tatarstanyň dostlary» diplomatik klubynyň nobatdaky duşuşygy ýaly onlaýn-duşuşyklara gatnaşdy. Halkara özara gatnaşyklaryň guraly hökmünde sanlaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan tema boldy. Russiýanyň DIM-niň Tatarstan Respublikasynyň Hökümetiniň goldamagynda guran çärelerin...
MERKEZI AZIÝANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ HÜNÄRMENLERI WE HALKARA BILERMENLER ÇAGALARYŇ HEM-DE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYK ÝAGDAÝYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň...