SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi. Bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bita...
PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 5-NJI BÜTINDÜNÝÄ MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty öz işine başlady. Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan iki ýüze golaý parlamentariýler, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem gatnaşýar. Maslahat «Adamlar we ýer togalagy üçin parahatçylygy hem-de durnu...
TÜRKMEN-RUMYN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI WIDEOMASLAHATYŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, şeýle-de ykdysady netijeleriniň ý...
TÜRKMENISTANYŇ BAE BILEN IKITARAPLAÝYN SÖWDA-YKDYSADY HYZMAYDAŞLYGYNYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we ýurduň beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga arap tarapyndan BAE-nyň Söwda senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem we Söwda-senagat edaralarynyň we...
Ýurduň demirgazyk sebitiniň ekarançylary güýzki hasylyň düýbüni tutdylar
Daşoguz welaýatynda güýzlik kartoşka ekişi tamamlandy. Ýeterlik tohum we tehnika bilen üpjünçilikde jogapkärli oba hojalyk çäresiniň oýlanşykly guralmagy gysga möhletde bir müň bir ýüz gektar meýdanda kartoşka ekmäge mümkinçilik berdi. «Ýer almasyny» esasy ýetişdirijiler - bu gymmatly azyk ekinine ýörüteleşen Gurbansoltan eje we S. A. Nyýazow adyndaky etraplarda şu ýyl degişlilikde 29 müň 400 tonna hem-de 10,5 müň tonna ýazky kartoşka ýygnaldy. Gurbansoltan eje adyndaky etrapda güýzlik kar...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 17-18-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen Zenan Parlament Ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdy. Bu mejlis Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, gender deňsizliginiň aradan aýrylma...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, g...