SOŇKY HABARLAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek gurbanlyk günlerinde amal edilen tagat-ybadatlar, berlen sadakalar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň we merdana halkymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen doga-dilegler Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Watansöýüjiligi, ga...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik gecirildi. Birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigin...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agz...
TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN ÖZARAGATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dostlukly azerbaýjan halkynyň bähbidine gönükdirilen işinde uly üstünlikleri we ýokary netijeliligi arzuw etdi. Ministrler şeýle-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik,...
TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa...
Türkmenistan — BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wideogörnüş arkaly geçiren iki günlük maslahatynda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine nobatdaky Milli çykyşynyň taýýarlanylmagyna goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Onuň işine Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek babatda Pudagara toparynyň bilermenler iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary...