SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-RUMYN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI WIDEOMASLAHATYŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, şeýle-de ykdysady netijeleriniň ý...
TÜRKMENISTANYŇ BAE BILEN IKITARAPLAÝYN SÖWDA-YKDYSADY HYZMAYDAŞLYGYNYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we ýurduň beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga arap tarapyndan BAE-nyň Söwda senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem we Söwda-senagat edaralarynyň we...
Ýurduň demirgazyk sebitiniň ekarançylary güýzki hasylyň düýbüni tutdylar
Daşoguz welaýatynda güýzlik kartoşka ekişi tamamlandy. Ýeterlik tohum we tehnika bilen üpjünçilikde jogapkärli oba hojalyk çäresiniň oýlanşykly guralmagy gysga möhletde bir müň bir ýüz gektar meýdanda kartoşka ekmäge mümkinçilik berdi. «Ýer almasyny» esasy ýetişdirijiler - bu gymmatly azyk ekinine ýörüteleşen Gurbansoltan eje we S. A. Nyýazow adyndaky etraplarda şu ýyl degişlilikde 29 müň 400 tonna hem-de 10,5 müň tonna ýazky kartoşka ýygnaldy. Gurbansoltan eje adyndaky etrapda güýzlik kar...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 17-18-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen Zenan Parlament Ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdy. Bu mejlis Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, gender deňsizliginiň aradan aýrylma...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, g...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi....
TÜRKMEN-TATARSTAN ÖZARAGATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň çarçuwasynda Türkmenistan RF-niň subýektleri bilen netijeli özarahereketleriň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Işj...