SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ö...
KABULDA TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM RESMINAMALARA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN DURNUKLY ULAG MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN DIALOG GEÇIRILDI
Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Alga...
TÜRKMEN-GERMAN SYÝASY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Gepleşik konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Taraplar iki döwletiň içeri syýasy ýagdaýlary boýunça pikir alyşdylar we ikit...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi. At çapyşyklary halkymyzyň iň söýgüli baýramçylyk däpleriniň biridir. Ol nesilden-nesle geçirilip gelinmegi we nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamagynyň netijesinde häzir hem dowam edýär. Biziň günlerimizde özüne çekiji bu ýaryşlar, elbetde, gadymy döwürler bilen deňeşdireniňdäkiden düýbünden başga ş...
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi baş döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlap, türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň öňegidişligiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beý...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan — Bitar...