RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýun

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ BAŞLYGY BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi. Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam...

DOWAMY
pic
8 Iýun

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi halkara onlaýn-duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew COVID-19 pandemiýasy şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyga gatnaşdy. Ony Fransiýanyň Ýewropada perspektiwalar we howpsuzlyk instituty gurady. Wirtual pikir alyşmalara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçiligiň we KHBS-niň wekilleri...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMEN-EÝRAN SERHEDINDIŇ ÇÄGINDE TÄZE AWTOMOBIL KÖPRÜSINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen-eýran serhedindiň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu ajaýyp çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenista...

DOWAMY
pic
8 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Milli Liderimiz gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabineti...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli weloýörişler geçirildi

2020-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Wena şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň dabaralarynyň çarçuwasynda bu şanly senä bagyşlanyp weloýörişler geçirildi. Bu çärä ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG agza döwletleriň ilçileri, 25-den gowrak ýurduň diplomatlary, Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Weloýöriş başlamazdan öň çärä gatnaşyjylara golaýda tutuş dünýä derejesinde giňden bel...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystanyň we Beliziň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen we EKO-93 kysym...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu foruma ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, milli parlamentiň deputatlary, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle h...

DOWAMY