SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi. Milli Liderimiz ir bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Ministrler Kabinetiniň Ba...
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň 27-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem oňat netijeler gazany...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler göni wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň III Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda pikirleri alyşdylar. Şeý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MB-NYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenista...
Astrahanda russiýaly kinologlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahanyň sebitleýin «Кинологический клуб Хазар» jemgyýetçilik guramasynyň prezidenti Stanislaw Iwanow bilen duşuşyk geçirdi. Onda «Türkmen alabaý itleri» Halkara Assosiasiýasy bilen özara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, 31-nji awgustda geçirilen «Türkmen alabaý itleri» Halkara Assosiasiýasynyň esaslandyryş ýygnagynyň dowamynda 25 ýurtdan, şol sanda Russiýadan bilermenler we itşynaslar...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy
Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli...
TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwl...