SOŇKY HABARLAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Hormatly bilim işgärleri! Eziz ýaşlar! Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan we uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ajaýyp bilimler baýramyna bagyşlanan dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgimiziň aýdyň beýany boljakdygyna berk ynanýaryn! Mähriban okuwçylar! Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda täze 2020 — 2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk, sebitleri we paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp...
AŞGABATDA HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ESASLANDYRYJY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa...
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Häzirki wagtda taryhy dostluga we doganlyga esaslanýan netijeli türkmen-tatarystan gatnaşyklary biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly we strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisi bo...
Owganystanda türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2020-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Konsullygynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we onuň türkmen-owgan gatnaşyklaryndaky oňyn täsiri” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň işine türkmen diplomatlary, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasyndaky Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri, Hyrat welaýatynyň hä...
Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu özboluşly taslama ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga, olary milletiň genji-hazynasy, baý saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radioge...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň işewürleri şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard...