img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG BILEN ÖZARAHEREKETLERI ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.   Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmat...

DOWAMY
pic
8 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň...

DOWAMY
pic
8 Awg

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Bireleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Polietilen (Türkmengaz DK) Russiýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriň esasyny düzdi....

DOWAMY
pic
7 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSGG-NIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN WIDEODUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreiesus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi. BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreiesus maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşdy hem-de birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak esasynda guralýan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy üçi...

DOWAMY
pic
7 Awg

TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI TELEFON SÖHBETDEŞLIGINIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler. Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem...

DOWAMY
pic
5 Awg

Päkistanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan webinar maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkezi (CGSS) bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegiň we sebitara hyzmatdaşlygyň guraly” atly webinar maslahaty geçirildi. Webinaryň işine türkmen diplomatlary, Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkeziniň prezidenti Halid Am...

DOWAMY
pic
4 Awg

«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary

?Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýyl häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan milli medeni we taryhy gymmatlyklara täzeçe baha bermäge mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşykly pikirleri jemgyýetçilik durmuşynda döwrüň ýörelgelerine kuwwatly itergi berdi. Şunda türkmen jemgyýetiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde taryhy tejribe möhüm orny eýeleýär. Žurnalyň täze sanynyň mazmunyny taryhçy alymlaryň, arheo...

DOWAMY