SOŇKY HABARLAR
HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI SAGLYGY GORAÝŞYŇ BÜTINDÜNÝÄ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Büt...
Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan...
Gruziýanyň paýtagtynyň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy
18-nji maýa geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy. Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol iki ýurduň arasyndaky ynanşykly gatnaşyklaryň, şeýle hem türkmen halkyna hormat-sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy. Tbilisiniň telewizion diňine iki günläp çyralar arkaly Türkm...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrýar. Paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ý...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkm...
Žiwopisçiler suratlarynda baýramçylyk ruhuny wasp edýärler
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Paýtagtymyzyň sergi merkeznde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis işleriniň sergisi açyldy. Walentin Kudrýaşowyň belli işi tematiki serginiň mazmunyny beýan edýär. Onda nakgaş Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde eli türkmen topragynyň datly miwelerinden doly mejimeli gyzjagazy we senenamanyň gaýyp düşýän sahypalaryny şekillendiripdir. Walentin Kudrýaşowyň «Galkynyş» we «Dabara» işlerinde hem milli baýramlaryň gözelligi...