RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň IUBK-niň düzümine agza saýlanyldy

22-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyş...

DOWAMY
pic
26 Few

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Türkmenistan diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşinde dikeltmän, sebitiň örän möhüm ulag geçirijisine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Bu wezipeler ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerle...

DOWAMY
pic
23 Few

В Марыйском велаяте и афганском Герате дан старт строительству транснациональных новостроек

23 февраля 2018 года в Серхетабатском этрапе Марыйского велаята и в афганском городе Герат состоялись торжества по случаю старта нового этапа строительства газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия (ТАПИ), закладки линий электропередачи и оптико-волоконной связи по маршруту Туркменистан-Афганистан-Пакистан (ТАП), а также ввода в эксплуатацию железной дороги Серхетабат-Тургунди. В церемониях приняли участие Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов и прибывшие в нашу страну Прези...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, “Uzbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alişer Sultanowy kabul etdi. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Serhetabat — Turgu...

DOWAMY
pic
21 Few

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda daşary syýasy işleriniň jemleri hem-de ýurtda 2018-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýsy çärelere bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň döwlet habarlar g...

DOWAMY
pic
19 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
pic
15 Few

Ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar Aşgabadyň binagärlik keşbini bezär

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär. Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary bezedi. Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi...

DOWAMY