SOŇKY HABARLAR
Sagdyn durmuş ýörelgesi – her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriniň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär. Hormatly Prezidentimi...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, nebit koksyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önd...
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar. OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly komp...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Giňişleýin mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Mundan başga-da, Prezident Maksatnamasyny we beýleki ykdysady hem-de d...
AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 75 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Birleşen Milletler Guramasy: Halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahat geçirildi. Maslahat bilen ugurdaşlykda bu şanly senelere bagyşlanan adybir sergi hem geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyk strategiýasy” atly beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Hemişelik Bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde ykra...
«BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar öz işini tamamlady. Ýapylyş dabarasyna Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory we Halkara yn...