SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzda 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň janyňyzyň sag, öý-ojagyňyzyň abadan, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli edebiýatymyz mazmun taýdan düýpli öwrülişigi başdan geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagty, ýurdumyzyň ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýa...
«MERKEZI AZIÝA+ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa görnüşinde Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky sazlaşykly özarahereketleriň global d...
TÜRKMEN-KATAR GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM MESELELERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hy...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz ilki göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň h...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG BILEN ÖZARAHEREKETLERI ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmat...
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Bireleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Polietilen (Türkmengaz DK) Russiýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriň esasyny düzdi....