SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan-Hindistan: dostlukly halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri şu gün Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde döwletara ga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY - TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR»
Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir. Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde dünýäniň köp ýurdunyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleri utgaşýandyr. Muňa göz ýetirmek bilen, Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýratyn...
ÝB-MA-OWGANYSTAN FORMATYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň o...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejed...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport-ulag merkezine bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän horm...
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Hormatly senagat işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Berka...