SOŇKY HABARLAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen ş...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi. Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE GEÇIRILEN GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýäde pandemiýa ýagdaýy zerarly ýüze çykan me...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILI BÜTINDÜNÝÄ UMMANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHATYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Gök ykdysadyýet we COVID-19 pandemiýasy: Täze wehimler, dikeltmek we durnuklylyk boýunça çäreler» tema boýunça Bütindünýä ummanlar gününe bagyşlanan onlaýn görnüşindäki maslahat geçirldi. Bu çärede türkmen tarapyna Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow wekilçilik etdi. Bu çäräniň guramaçysy bolup, Halkara ummanlar instituty çykyş etdi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar täze koronowirus ýokanjynyň “Gök ykdysadyýete” we Dünýä ummanyna, şol sanda kenarýa...
TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň nobatdaky wideokonferensiýa görnüşindäki mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.A.Karimow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedow dagylar ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň barşynda türkmen-tatarstan hyzmatdaşl...
«ENI» ITALÝAN KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA ÝERINE ÝETIRIJI WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen aç...
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Munuň özi milli Liderimiziň teklipleriniň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzyň sporty ösdürmek, olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, jemgyýetiň möhüm ugry hasaplanylýan ekologiýa mede...